Balkanda tok, suw kesilmeleri dowam edýär, häkimiýetler düşündiriş bermeýär

Bezeg suraty

Azatlygyň habarçysy 25-nji iýunda Balkanabatda we Türkmenbaşyda ir sagat 9-dan agşam sagat 18-e çenli elektrik togunyň we agyz suwunyň bolmandygyny, bu ýagdaýyň yssy howada çagalar, ýaşuly adamlar we näsaglar üçin goşmaça kynçylyklary döredendigini habar berdi.

Ýurduň elektrik desgalaryny döwrebaplaşdyrýan, daşary ýurtlara edýän elektrik eksportyny artdyrýan Türkmenistan ýurduň günbatar sebitindäki tok, agyz suwy meselelerini çözmäge howlukmaýar diýip, synçylar aýdýarlar.

Azatlyk maý aýynyň başynda hem bu iki şäheriň ilatynyň elektrik, tok kynçylyklaryna ünsi çekip, kösençlikleriň döwlet baştutanynyň sebite eden iş saparynyň dowamynda hem gaýtalanandygyny habar beripdi.

Bu ýagdaý, ýokary derejeli sapar wagtynda hasaba alnan tok meselesi üpjünçiligiň soňky ýyllarda has-da ýaramazlaşandygyny görkezýär diýip, synçylar aýdýar.

Degişli maglumat Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ýygy-ýygydan bökdelýär


Azatlygyň çeşmesi maý aýynyň başynda tok üpjünçiliginiň Balkanabatda alty gezek, Türkmenbaşy şäherinde dört gezek kesilendigini aýdypdy.

Tok, suw irden agşama çenli bolmady

25-nji iýundaky tok kesilmesi, “Watan” habarlarynyň maglumatyna görä, Balkanda howanyň +30, +35 derejede gyzýan wagtyna gabat geldi we diňe toguň däl, agyz suwunyň hem irden agşama çenli berilmezligi adamlarda uly alada döretdi.

Häkimiýetler, köplenç bolşy ýaly, tok, suw ýagdaýy barada ilata metbugat arkaly anyk düşündiriş bermediler.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmeniň sözlerine görä, şol gün welaýatyň dürli ýerlerinde, dürli wagtlarda elektrik togy bolmady. Ol tok kesilmesini welaýatdaky halkalaýyn elektrik geçiriji ulgamda ýüze çykan awariýa bilen baglanyşdyrdy, ýöne jikme-jiklikleri aýtmakdan saklandy.

“Bereket etrabynda kesilen elektrik togy dikeldilip, günortan sagat 12-de gaýtadan berlip başlandy, Gyzylarbat etrabynda tok ir sagat 9-dan sagat 10-a çenli aralykda, bir sagat çemesi bolmady” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sebit elektrik ulgamynyň Ahal welaýatynyň elektrik liniýasyna goşulmagy netijesinde, tok bökdençligi aradan aýryldy.

Emma muňa garamazdan, sebitiň iň iri şäherleri bolan Türkmenbaşyda we Balkanabatda dörän tok bökdençligi irden başlanyp, agşama çenli dowam etdi we agyz suwy üpjünçiliginiň, öýlerdäki internet elýeterliliginiň kesilmegine sebäp boldy.

Benzin bilen işleýän generator arzuwy

“Öýlerdäki kondisionerleriň, sowadyjylaryň işlemezligi köp adama benzin bilen işleýän generator edinmek zerurlygyny ýatlatdy, o hili generatorlar şäher ýerlerinde sanlyja adamda bar, eli ýuka hojalyklar bu hili eşredi diňe arzuw edip bilýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, yssy howadaky tok kesilmesi azyk önümleriniň saklanyşyna hem täsir ýetirdi, bazarlardaky hususy dükan eýeleriniň sowadyjylarynyň buzlarynyň eräp, et, süýt önümleriniň zaýalanandygyny ‘görse bolýar’.

Degişli maglumat Tok, suw yzygiderli kesilýär, gündelik durmuş bökdelýär - Türkmenbaşy


Azatlyk ýurduň günbatar sebitindäki agyz suwy meseleleri barada mundan öňem habar beripdi.

“Agyz suwy Balkanda dogabitdi kesel ýaly, raýatlaryň ýanýoldaşy ýaly, hemişe bile bolýar. Bir hepde kadaly suw bolan wagty ýok, ýa suw geçiriji turbalar ýarylýar, ýa-da tok kesilýär, garaz bahana tapylýar” diýip, ýerli ýaşaýjy hökümetiň bu meseleleri çözmek üçin serişde goýbermelidigini belledi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat, hökümet resmileri Türkmenistanyň elektrik desgalaryny döwrebaplaşdyryp, goňşy ýurtlara, şol sanda 90 milliondan gowrak ilatly Eýrana hem elektrik satýandygyny tekrarlaýarlar, emma ýurt ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan tok, suw meseleleriniň meseledigini hem boýun almaýarlar.

Ýurt ygtybarly maglumat almak, garaşsyz žurnalist derňewlerini geçirmek üçin doly ýapyk bolansoň, Azatlygyň žurnalistleri sebitlerde, şol sanda paýtagt Aşgabatda ýüze çykýan tok, agyz suwy meseleleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.