Balkanda zenanlar ginekologiýa barlagyndan geçmäge mejbur edilýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli medisina edaralaryndaky çeşmeleri bu uçdantutma barlagyň jynsy taýdan geçýän ýokanç keselleri anyklamak üçin geçirilýändigini aýdýarlar.
Balkanabat şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilýän medisina barlagyna 18 we 45 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlar çekilýär.
"Aýallar uçdantutma gan we mazok barlaglaryndan geçmäge mejbur edýärler. Gan barlagy gönüden-göni welaýatyň SPID merkezi üçin alynýar. Ähli ýaşaýjylar öz kwartallaryna degişli saglyk öýlerine baryp gan we mazok analizini tabşyrmaly" diýip, balkanabatly medisina işgäri gürrüň berdi.
Degişli maglumat Paýtagtyň mekdeplerinde okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlaglary başlandyŞäher ýaşaýjylaryna bu barlag barada saglyk öýleriniň işgärleri tarapyndan habar berilýär.
"Maşgala lukmanymyz öýe gelip, ertir poliklinika bar, ýene aýallardan analiz almaly diýip bize tabşyryk geldi diýip habar ýetirdi" diýip, balkanabatly zenan 26-njy iýunda gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan medisina işgäri barlaglaryň geçirilişi barada şeýle düşündiriş berdi:
"Gany 3 gezek alýarys. Birinjisi SPID merkezine iberilýär, ikinjisi ganyň umumy biohimiýa analizi we üçünjisi beýleki ýokanç däl onkologik testler üçin edilýär, biz oňa gormonal test diýýäris. Şeýle-de, aýallarda ownuk we orta howply gonoreýa we şuňa meňzeş hassalyklary anyklamak üçin hem mazok alynýar" diýip, balkanly medisina işgäri gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran medisina işgärleri şeýle barlaglaryň geçen gezek 2023-nji ýylda geçirlen wagtynda, barlanan zenanlaryň uly böleginde dürli ýokanç keselleriň tapylandygy, şol sanda sifilis, gonoreýa ýaly hassalyklaryň anyklanandygyny habar berdier.
"Bu sapar hem gaýtadan barlag geçirmek maksadynda bu çärelere başladyk häzir welaýat saglyk müdiriniň tabşyrygy bilen tutuş welaýat boýunça ähli saglyk öýlerinde analiz almak çäreleri geçirilýär" diýip, medisina işgäri aýtdy.
Azatlygyň habarçylary 2023-nji ýylyň tomsunda sebitde zenanlaryň arasynda onkologiýa we ýokanç keselleri anyklamak boýunça geçirilen barlaglaryň netijesinde ýokanç keselleri tapylan raýatlaryň Aşgabada bejerişe ugradylandygyny habar beripdi.
Azatlyk Radiosy häzirki barlaglaryň geçirilişine we sebäbine degişli Balkan welaýatynyň saglyk ýolbaşçylaryndan resmi maglumat alyp bilmedi. Çeşmeler bu çäreler baradaky tabşyrygyň dilden edilendigini aýtdylar.
Degişli maglumat Aýallarda ýatgy we göwüs düwnügini anyklamaga gönükdirilip, ginekologiýa barlaglary geçirilýärZenanlaryň arasynda medisina barlagyny geçirmek boýunça işler soňky iki ýylyň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde birnäçe gezek geçirildi. Barlaglaryň hem ozalkylary, hem-de häzirkisi mejburlyk görnüşinde we diňe zenanlarda geçirilýär, erkek adamlar şeýle barlaglara sezewar edilmeýär. Lukmanlar şeýle barlaglaryň diňe zenanlara gönükdirilmeginiň sebäplerini düşündirmeýärler.
Bu aralykda barlagdan geçmedik aýal-gyzlar dürli çäklendirmelere sezewar bolýarlar.
"Şu tomus dynç alyş we sagaldyş merkezlerine, tomusky açyk we ýapyk binalardaky suw howuzlaryna, şypahanalara zenanlarda 2025-nji ýylyň iýun aýyndan soňky barlag netijeleri bolan kepilnama bolmazdan, ýokarda bellenen dynç alyş ýerlerine goýbermezlik hakda tabşyryk berildi. Bu kepilnamalar bolan ýagdaýynda-da ýene deri keselleri lukmanyň kepilnamasy hem hökman bolmaly" diýip, balkanabatly ýene bir çeşme aýdýar.
Degişli maglumat Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýärTürkmenistanda aýal-gyzlary jynsy barlagyna mejbur etmek tejribesi giňden ulanylýar. Käbir ýagdaýlarda zenanlaryň medisina barlagyndan onkologiýa keselini anyklamak üçin geçirilýändigi aýdylýan bolsa, beýlekilerinde jynsy taýdan geçýän ýokanç keselleri anyklamak üçindigi aýdylýar.
Şeýle-de, ýurtda mekdep okuwçylary gyzlyk barlagyndan geçirilýär. Aýal-gyzlaryň şahsy durmuşyna gatyşmak boýunça şeýle mejburlygy ulanýan türkmen häkimiýetleri kemsidiji kararlaryny köplenç dilden durmuşa geçirýär. Resmi karar aýal-gyzlara görkezilmeýär.
Şu ýyl Türkmenistanda nika baglaşmak isleýän raýatlardan lukmançylyk barlagyndan geçmek hem talap edilip başlandy. Azatlygyň döwlet edaralaryndaky çeşmeleri durmuş gurmak isleýän raýatlardan saglyk kepilnamalarynyň talap edilmeginiň sebäbini jynsy ýollar bilen geçýän keselleriň köpelip başlamagy bilen düşündiripdi.
Degişli maglumat Türkmenistan lukmanlaryny jynsy keseller barlagyndan geçirýär, raýatlary LGBT 'şugulçylygyna' çagyrýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.