Wengriýa Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine girmegini goldaýan beýannama weto goýdy

Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy

Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde Ukrainanyň bileleşige girmegi bilen baglanyşykly jemleýji beýannama kabul edilmedi. “RBK-Ukraina” we “Ukrainskaýa prawda” neşirleriniň habaryna görä, beýannamanyň degişli böleginde Ukrainanyň ÝB-e agzalygy boýunça gepleşikleriň başlanmagyna goldaw bildirilýärdi, emma Wengriýa bu beýanata garşy çykyp, onuň kabul edilmegini we agzalyk boýunça gepleşikleriň öňe ilerlemegini petikledi.

Bileleşige agza 26 döwlet Ukrainany we Ýewropa Komissiýasyny bileleşige agzalyk boýunça taýýarlyk işlerini başlatmaga çagyrdy. “Ýewropa Geňeşi bu meselä indiki duşuşykda gaýtadan dolanar” diýip, Ýewropa Geňeşiniň metbugat beýanatynda bellenilýär. Bu duşuşygyň oktýabrda geçiriljekdigine garaşylýar.

Ýewropa Bileleşigine täze döwleti kabul etmek üçin ähli agza döwletleriň biragyzdan razylygy gerek. Şonuň üçin Wengriýa pozisiýasyny üýtgetmedik ýagdaýynda, resmi derejede agzalyk boýunça ilkinji gepleşik tapgyrynyň açylmagyna karar berilmez.

Ukraina bilen baglanyşykly diňe bir agzalyk boýunça gepleşikleriň däl, eýsem Ýewropa Bileleşiginiň Kiýewe maliýe goldawynyň hem petiklenendigi bellenilýär. ÝB-e agza Wengriýanyň Ukraina bilen gatnaşyklary soňky ýyllarda iň pes derejesine düşdi.