Zelenski Ýewropa Geňeşi bilen uruş jenaýatlaryny derňemek boýunça ýörite tribunal döretmek barada şertnama gol çekdi

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Alen Berset

25-nji iýunda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Ukraina çozmagyna jogapkär ýokary wezipeli ýolbaşçylary sud etmek üçin ýörite tribunal döretmek barada Ýewropa Geňeşi bilen şertnama baglaşdy.

Tribunal Ukrainada amala aşyrylan “agressiýa jenaýatyny” derňär we Russiýanyň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny, şol sanda prezident Wladimir Putini jogapkärçilige çekmek mümkinçiligine eýe bolar.

“Her bir uruş jenaýatçysy adalatyň bardygyny bilmelidir, bu düzgün Russiýa üçin hem hökmanydyr,” diýip, Zelenski Strasburgda Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Alen Berset bilen şertnama gol çekilenden soň aýtdy.

“Russiýanyň her bir uruş jenaýatçysyny, şol sanda Putini hem jogapkärçilige çekmek üçin berk syýasy we kanuny erk gerek bolar” diýip, Zelenski şertnama gol çekilenden soň Ýewropa Geňeşiniň Parlamentar Assambleýasynda çykyş etdi.

“Biz agressiýanyň jezasyz galmaýandygyny anyk görkezmeli we muny tutuş Ýewropa bolup bilelikde amal etmeli” diýip, Zelenski soňra X sosial ulgamynda ýazdy.

Ýewropa Geňeşiniň maglumatyna görä, tribunalyň esasy wezipesi Ukrainada agressiýa jenaýatyny amala aşyran ýokary derejeli syýasy we harby ýolbaşçylary jogapkärçilige çekmekden ybarat bolar.

Belarusyň ýa-da Demirgazyk Koreýanyň wekilleriniň Ukraina garşy agressiýa jenaýatynda möhüm rol oýnandyklary subut edilse, olar hem jogapkärçilige çekilip bilner diýlip, beýanatda nygtalýar.

Berset halkara hukugynyň hiç hili kadadan çykmasyz we goşa standartsyz hemmeler üçin degişli bolmalydygyny belledi. Ýewropa Geňeşi tribunalyň geljek ýylda işläp başlamagyna garaşýar. Emma suduň haýsy ýurtda ýerleşjekdigi entek kesgitlenmedi.

Bu Ýewropadaky adam hukuklary boýunça iň uly abraýly gurama bolan Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek döredilýän ýörite tribunaldyr.

46 agzaly Ýewropa Geňeşi Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmeýär we onuň hatarynda Türkiýe, Ukraina we Britaniýa ýaly möhüm ýurtlar bar. Russiýa Ukraina çozuşyndan soň bu guramadan çykaryldy.

Zelenski Strasburga Gaagadky NATO-nyň sammitinden soň geldi. Ol Gaagada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen hem duşuşdy.

Ukrain lideri Tramp bilen geçiren duşuşygyny “uzak dowam eden we möhüm gürrüňdeşlik” diýip häsiýetlendirdi hem-de Ukraina berýän goldawy üçin Trampa minnetdarlyk bildirdi.

“Biz atyşyklary togtatmagy we hakyky parahatçylygy gazanmagyň ýollaryny maslahatlaşdyk” diýip, Zelenski X sosial ulgamynda ýazdy.

50 minut dowam eden bu duşuşyk, iki lideriň iki aý öň Watikanda geçiren gepleşiklerinden soň geçiren ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy boldy.

“Men Zelenski bilen gowy duşuşyk geçirdim” diýip Tramp aýtdy. “Ol batyrgaý göreş alyp barýar. Örän kyn göreş” diýip, ABŞ prezidenti sözüne goşdy.

Zelenski Tramp bilen ABŞ-nyň “Patriot” howa goranyş ulgamyny satyn almak meselesini hem maslahatlaşandygyny aýtdy. Tramp Ukrainanyň goşmaça howa goranyş ulgamlaryny almagyna kömek etmäge taýýar ýaly göründi.

“Biz bularyň käbirini Ukraina elýeterli etmek mümkinçiliklerine gararys” diýip Tramp aýtdy, şeýle-de “olary edinmek gaty kyn” diýip, sözüne goşdy.