Azatlygyň habarçysy Türkmenistanda dowam edýän, 26-nji iýunda bäşinji güni bellenýän Medeniýet hepdeliginiň fonunda ýurtda döredilen şahsyýet kultunyň, garyndaşparazlyk, mirasdüşerlik syýasatynyň ‘möwç alýandygyny’ habar berýär.
Bu ýylyň Medeniýet hepdeligi öňki prezidentiň, häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda dolýan 68 ýaşynyň öň ýanynda, 27-nji iýunda Nowruz ýaýlasynda, “Türkmeniň ak öýi” binasynda giňden bellener.
Halk maslahatynyň başlygynyň ýaş toýunyň Arkadag şäherinde tutulmagyna taýýarlyk görülýär diýip, habarçy resmi taýdan tassyklap bolmaýan maglumatlara salgylanyp aýtdy.
Arkadagda güýçlendirilen Arkadag waspy
Maglumat üçin aýdylsa, Medeniýet hepdeligi geçen ýyl milliardlarça dollar harçlanyp gurlan, köp binasy boş duran Arkadag şäherinde geçirilip, esasan öňki prezidenti mahabatlandyrmak ýörelgesinden ugur aldy.
Häzirki şahsyýet kulty syýasaty 1990-njy ýyllaryň başynda başlanyp, ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň ilki “Ak saçly perişde”, soň “Şa şahyr” diýlip götergilenmegi, “ömürlik prezident” bolmagy netijesinde, türkmen bolmadyk milletleriň wekilleriniň ýurdy köpçülikleýin terk etmegi bilen utgaşdy diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjylar aýdýarlar.
Aýry-aýrylykda gürleşilen dürli hünärli adamlaryň aýtmaklaryna görä, başga pikirli adamlaryň ýanalmagy, metbugat, söz azatlygynyň bogulmagy, syýasy azatlygyň ýowuz çäklendirilmegi, diňe bir adamyň agzyna garamak syýasatynyň ýyl-ýyldan güýçlendirilmegi bilen, ýurtda dowam edýän agyr ykdysady çökgünligiň esaslary goýuldy.
Nyýazowdan başlanan, Berdimuhamedowda güýçlenen kult
Azatlyk türkmen ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda işläp, türkmen döwletliginiň berkemegine goşant goşan adamlaryň, şol sanda etniki türkmenleriň müňlerçesiniň hususy jaýlaryny, emläklerini arzan bahadan satyp, başga ýurtlara göçendigini, Nyýazowyň şahsyýet kultunyň döredilmegine gatnaşan adamlaryň onlarçasynyň soňky ýagdaýlary barada öz wagtynda habar beripdi.
Şol döwürde Nyýazow, döwlet eýeçiligindäki metbugat gidýän adamlaryň ‘ýurduň jenaýatçylardan arassalanmagyna getirýändigini’ aýdýardy.
“Beýleki milletleriň wekilleriniň ýurdy terk etmegi bilen, ýurtda galan türkmen taýpalary jebislenip, agzybir bolmakdan geçen, tersine, ahallaşdyrmak syýasaty netijesinde, taýpalaryň arasyndaky gatnaşdyklar dartgynlaşdy we ýitileşdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Onuň pikiriçe, ýurda tebigy baýlyklardan girýän girdejiler lükgeligine Aşgabatda gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna, beýleki binalara... harçlanýar.
Bellesek, soňky döwürlerde, sosial media ulanjylarynyň arasynda, ýaşaýan sebitlerine laýyklykda, ýerliçillik gep-gürrüňleri köp göze ilip başlady.
Awtobus bilen 'baýlaşan' propaganda
“Paýtagtyň jemgyýetçilik awtobuslarynyň üstüni Hytaýda öndürilen täze awtobuslary satyn almak bilen doldurýarlar, könelen, hatardan çykan awtobuslar welaýatlara ugradylýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi döwlet serişdelerine alynýan awtobuslaryň hökümete ýakyn adamlaryň hem ‘jübülerini doldurýandygyny’ belledi.
“Häzirki wagtda türkmen prezidentiniň kakasynyň doglan gününi döwlet derejesinde bellemek üçin taýýarlyk görülýär, bu dabara Arkadag şäherinde guramalaşdyrylýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi Hytaýdan bu dabara gabat alnan täze awtobuslaryň ýük ulaglaryna ýüklenip, Arkadaga getirilendigini aýtdy.
Onuň pikiriçe, Türkmenistanda edilýän işlerde ‘halk bähbidi az’, olar esasan ‘syýasy matlaply’ bolup, ‘propaganda we ýaranjaňlyk syýasatyndan ugur alýar’.
Azatlygyň habarçylary mundan öň hem ýurduň dürli sebitleri üçin döwlet puluna satyn alnan awtobuslaryň ençeme aýlap boş saklanyp, prezidentiň iş saparlaryna gabat ulanmaga berlendigini, metbugatyň bu täzeligi şahsyýet kulty propagandasy üçin ulanandygyny habar beripdiler.
Aýdylmagyna görä, ilat üçin täze satyn alnan awtobuslaryň onlarçasy häzir Arkadag şäherinde toplanyp, Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat ulanmaga beriljege, prezidentiň halk hakynda edýän aladasy hökmünde görkeziljege meňzeýär.
Medeniýet ösýärmi ýa başga bir zat?
Hepdeligiň geçişini beýan edýän metbugatda bu çäre medeni forum diýip häsiýetlendirilýär, onuň çäklerinde geçirilýän çärelerde ýurduň ösüşleriniň, opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam, edebiýat ýaly ugurlarda [döredilen] döredijilik mümkinçilikleriniň beýan edilýändigini öňe sürýär.
Emma synçylar, şol sanda Awstriýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow bu dabara-şowhunlary “zorluk’, ‘halkyň boýnuna dakylan zatlar’ hökmünde häsiýetlendirýär.
Ozalky diplomatyň pikiriçe, bu hili netijesiz syýasaty goýlup, iş ýerleri döredilse, halkyň agyr ýagdaýyny düzetmek üçin hereket edilse, ýolbaşçylar şonda abraý gazanar, şonda halkyň özi dabara, şowhun eder.
Hanamowyň pikiriçe, ‘döwleti has erbet ýagdaýa getirmejek bolsalar’, türkmen ýolbaşçylary şahsyýet kulty syýasatyndan ýüz öwürmeli.
Şu aralykda, adatça Türkmenistana gelen daşary ýurt resmileri bilen hökmany suratda diýen ýaly görüşýän uly Berdimuhamedowyň 20-nji iýundan bäri jemgyýetçilikde görünmezligi, onuň Russiýanyň daşary işler ministri, Türkmenistanda sapar eden we prezident tarapyndan Kabul edilen Sergeý lawrow bilen hem duşuşmazlygy synçylaryň arasynda dürli soraglaryň döremegine sebäp boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum